Dünýä çempionatynda gazanylan üstünlik
2024-nji ýylyň 10-13-nji noýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde sportuň guşakly göreş görnüşiniň erkin usuly boýunça Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri netijeli çykyş etdiler. Dünýä çempionatyna 35 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.
Erkekler üçin ýaryş erkin we nusgawy usulda 57 kg-dan +100 kg agram derejeleri aralygynda, zenanlar üçin bäş agram derejesinde, 52 kg-dan +76 kg agram derejeleri aralygynda ýaryşlar geçirildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aşyrmyrat Amandurdyýew 57 kg agramda III orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew +100 kg agramda II orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Dawut Nazarow +100 kg agramda III orna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew 90 kg agramda I orna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Mekan Nurberdiýew 68 kg agramda III orna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002 harby bölüminiň esgeri Azymmuhammet Orazmuhammedow 75 kg agramda III orna, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 62675 harby bölüminiň esgeri Pälwan Gurbangeldiýew 100 kg agramda I orna, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gury ýer goşunlary müdirliginiň 28627 harby bölüminiň esgeri Abdyresul Durdyýew 62 kg agramda I orna, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gury ýer goşunlary müdirliginiň 28627 harby bölüminiň esgeri Nobatgeldi Nazarow 100 kg agram I orna mynasyp boldular.
Dünýä çempionatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar sport klubunyň ýokary derejeli tälimçi mugallymy, halkara derejeli emin Amanmuhammet Batyrow eminçilik etdi. Dünýä çempionatyna gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň oýun görnüşleri kafedrasynyň mugallymy, sportuň guşakly göreş görnüşi boýunça milli ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Begmyrat Saparliýew hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dekany, halkara derejeli emin Şöhrat Mämmedow ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri buýsandyryjydyr.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni.