Innowasion ugurly sport görnüşleri – ýaşlaryň esasy gyzyklanmalarynyň biri
Aşgabatda telekommunikasiýa pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemlän halkara maslahaty we sergisi üstünlikli geçirildi. Bu uly foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekil, şol sanda 40-dan gowrak hünärmenler we bilermenler gatnaşdylar.
Forumda sebitde aragatnaşyk pudagynyň ösüşi babatda tejribe alyşmak we geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Halkara sergisine ýurdumyzda innowasion ugurly sport görnüşlerini giňden ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim we tälim alýan talyplar bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy hem işjeň gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary bilen dünýäniň köp ýurtlarynda sportuň resmi görnüşi hökmünde ykrar edilýän ýokary tehnologiýaly görnüşlerini ösdürmek ugrunda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Milli baýramçylyklara hem-de şanly senelere gabatlanyp, sportuň ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän fijital görnüşi boýunça türgenleşikler, ýaryşlar, oýunlar geçirilýär, bu ugurda zehin-başarnykly ussat kibertürgenleriň kemala gelmegi üçin zerur şertler döredilýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynda sportuň innowasion ugurly fijital görnüşiniň açylmagy, ýygyndy toparlaryň sanly türgenleşik işlerini alyp barmak üçin «Ýaş tehnolog» ylmy gurnagynyň düzüminde Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy bilen bilelikde fijital-sport otagynyň hereket etmegi institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerinde täze usullardan ugur alynýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem, Halkara Kibersport federasiýasy (IeSF) we Bütindünýä Fijital jemgyýeti (WPC) bilen hyzmatdaşlyk barha ýaýbaňlandyrylýar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.