Emeli aň bilen fijital-küşt ýaryşlary

Türkmenistanyň Milli talyplar we elektron sport federasiýalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda innowasion sport hepdeliginiň çäklerinde geçirilen fijital-küşt ýaryşlary gyzyklanma döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek barada öňe süren parasatly başlangyçlary esasynda talyp türgenleriň sport türgenleşik işlerinde häzirki zaman innowasion usullaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen fijital-küşt ýaryşyna 18 sany ýokary okuw mekdebiň wekilleri gatnaşdylar. Her toparda iki sany türgen bolup, ýaryş aýlaw görnüşinde alnyp baryldy. Bäsleşik sanly hem-de hereketli iki tapgyrda: bije esasynda saýlanan iki topar birinji sanly tapgyrda emeli aňa garşy güýçlerini synap, ýeňiş gazanmaga synanyşdylar. Ikinji hereketli tapgyrda bolsa, adaty küşt oýny bilen öz aralarynda bäsleşdiler. Sanly we hereketli tapgyrlaryň hersine bäş minut wagt, ýeňiş gazanylan her bir oýna bolsa bir utuk berildi. Şeýlelikde, ýaryş on ýedi tapgyrdan ybarat bolup, toparlar her tapgyrda iň ýokary dört utuk ugrunda bäsleşdiler.
Ýaryşyň jemi boýunça birinji baýrakly orna 57 utuk toplap, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, ikinji orna 54 utuk bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, baýrakly üçünji orna bolsa, 52,5 utuk bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplar toparlary ýeňiş gazandylar. Ýeňiş gazanan toparlary üstünlikleri bilen gutlaýarys! 

Durdygözel AMANOWA, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47