Innowasion ugurly sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanyldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen ýaryşlaryň jemi jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden ýaryşlaryň geçirilmegi sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň hereketli we sanly, şeýle hem elektron sporty görnüşlerinden geçirilen ýaryşlar «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda çykyş etjek zehinli türgenleri ýüze çykarmakda möhüm orny eýeledi. «Geljegiň oýunlary» fijital konsepsiýasynda sportuň adaty görnüşlerini kibersport we VR/AR tehnologiýalary bilen birleşdirýär. Geljek ýyl «Geljegiň oýunlary» atly halkara ýaryşy Birleşen Arap Emirliklerinde, 2026-njy ýylda bolsa Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Fijital-sport boýunça ýaryşlaryň netijeleri aşakdaky görnüşe eýe boldy.
Fijital-futbol boýunça:
I orun - Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
II orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
III orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Fijital-basketbol boýunça:
I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
II orun - Türkmen döwlet maliýe instituty
III orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Fijital-stol tennis boýunça:
I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
II orun - Türkmen döwlet maliýe instituty
III orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Fijital-küşt boýunça:
I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
II orun - Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
III orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
Kibersport (CS: Global Offensive) boýunça:
I orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty
II orun - Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
III orun - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Sport ýaryşlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşanlar berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.