Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Hakyda göwheri» atly şöhratly taryhymyzdan, milli we medeni gymmatlyklarymyzdan söz açýan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy. Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory Hydyr Nunnaýew täze kitabyň ýaş nesilleri watançylyk, ruhubelentlik ruhunda terbuiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygyny belledi. Çykyşlaryň dowamynda  institutyň prorektory Gurbanmyrat Sähedow «Hakyda göwheri» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti we onuň baý many-mazmuny barada çykyş etdi. Çykyş edenler  kitabyň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47