Sportuň kuraş görnüşi boýunça halkara ýaryşynda üstünlikler
2024-nji ýylyň 16-18-nji dekabry aralygynda Daşkent şäherinde sportuň kuraş görnüşi boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda dünýä tapgyrynyň final ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa dünýäniň 18 döwletinden 83 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri halkara ýaryşynda 1 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Sabina Kadyrowa 78 kg agramda II orna we kümüş medala, institutyň 1-nji ýyl talyby Rozymeňli Meýmanowa 52 kg agramda III orna we bürünç medala, şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň uçurymy, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kg agram derejesinde III orna we bürünç medala mynasyp boldular. Milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerini gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.