Sport, ylym-bilim – hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Talyplar sport klubynyň başlygy S.Gurdow, Ylym bölüminiň hünärmeni B.Öwezow Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda, onuň sport boýunça ylmy-barlag merkezinde okuw, sport we ylmy işleriň alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi S.Gurdow Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň sport we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, professor M.Ýeskaliýew bilen häzirki döwürde sport sapaklaryny guramagyň aýratynlyklary, talyplar sport klublarynda ýaşlaryň hereket işjeňligini kämilleşdirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň ugurlary, ýokary bilim edaralarynda ýaşlaryň bedenterbiýe we sport boýunça okuw derslerini çuňňur özleşdirmeklerini üpjün etmäge gönükdirilen okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esaslary barada pikir alyşmasy boldy. Pikir alyşmada Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzasy bolan ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport sapaklaryny guramagyň öňdebaryjy tejribeleri paýlaşyldy. Şeýle-de Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň özenini düzdi.
Ylym bölüminiň hünärmeni B.Öwezow sport boýunça ylmy-barlag merkezi bilen tanyşlygyň çäklerinde professor-mugallymlar, hünärmenler, talyplar bilen bilelikde özara tejribe alyşmak we täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri babatda pikir alyşdy. Bilelikdäki ylmy-barlaglar innowasion tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna we olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berer. Şeýle-de, ylmy hyzmatdaşlygyň ýerli we halkara derejede tejribe alyşmak üçin giň ýol açjakdygyna ynam bildirildi. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmek, halkara indekslenýän ylmy žurnallara bilelikde ylmy makalalary taýýarlamak teklip edildi. 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleriniň Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasyna iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47