“Aerobika” atly okuw kitaby neşir edildi

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini toplumlaýyn özgertmekde netijeli işleri amala aşyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi bilen meşgullanmakda ýurdumyzyň raýatlaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde çap edilýän ylmy edebiýatlar ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde uly itergi bolup durýar. Şu esasda “Aerobika” atly okuw kitaby hem öňünde diňe sagdyn durmuş ýörelgesini maksat edinip goýan raýatlarymyz üçin nusgawy hereketleri öwrenmek hem-de ýerine ýetirmekde giňişleýin mümkinçilikleri açar. Bu okuw kitaby “Aerobika sagaldyş bedenterbiýesiniň görnüşi hökmünde”, “Ýokary okuw mekdepleriniň bedenterbiýe maksatnamasyndaky sagaldyş aerobikasy”, “Sagaldyş aerobikasynyň sapaklary”, “Sagaldyş aerobikasy sapaklaryna pedagogik gözegçilik”, “Sagaldyş aerobikasy bilen meşgullanýan talyplaryň saglygynyň skrining-seljerme usullary”, “Sagaldyş bedenterbiýesiniň özbaşdak sapaklary üçin usulyýet hödürnamalary” atly bapdan ybaratdyr.
Aerobika gimnastikanyň bir görnüşi hökmünde dürli hereket yzygiderliklerini aýdym-saz bilen ýerine ýetirmekligi aňladýar. Aerobika ajaýyp maşklara mahsus bolan alamatlary özünde jemleýär. Maşklaryň mylaýym, ýakymly, joşgunly, sazly ýerine ýetirilmegi şähdiňi açýar. Aerobika bilen meşgullanýanlaryň hereketlerindäki güýjüň we gözelligiň saz bilen utgaşyklylygy onda döredýän sazlaşygynyň ajaýyplygy, adam bedeniniň estetiki kämilleşmegine ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde aerobika saz bilen utgaşykly ýerine ýetirilýän çeper görnüş hökmünde diňe bir ynsan durmuşynda ruhubelentligi terbiýelemän, eýsem çeperligi, çeýeligi hem terbiýeleýär. Aerobika ýaşyna we jynsyna garamazdan, dürli ýaşdaky adamlar üçin aýratyn özüne çekiji häsiýeti bilen tapawutlanýar. 
Bu okuw kitaby Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Ý.Akmyradow, mugallymlar H.Tatow, A.Agaýew, R.Kerimgeldiýew tarapyndan bedenterbiýe, sport we saglygy goraýyş ulgamynyň, sport sagaldyş merkezleriniň hünärmenleri, bedenterbiýe mugallymlary, tälimçiler, talyplar hem-de sagaldyş aerobikasy bilen özbaşdak meşgullanýanlar üçin niýetlenilip taýýarlanyldy.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47