Türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy hasaplanýan asuda Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekde uly tagallalar edilýär. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilýän sport çäreleri hem giň gerime eýe bolýar. Türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli göreş asyrlaryň dowamynda kämilleşip, täze öwüşgin bilen has uly meşhurlyga beslenýär.
Türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty gyzykly hem-de dartgynly häsiýete eýe boldy. Bu bäsleşige taýýarlykly gelen türgenler ýokary netijeleri görkezdiler.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” iri halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen geçirilen bu ýaryş zehinli türgenleri saýlap-seçip almak üçin örän ähmiýetlidir.
Şeýle hem, ýokary okuw mekdebimizde “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly uniwersiadanyň çäklerinde professor-mugallymlaryň arasynda geçirilen sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryşlara çekeleşikli häsiýet mahsus boldy.
Ýaryşlaryň dowamynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen sportuny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Begenç MOLLAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe hünäriniň 3-nji ýyl talyby.