«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» sport üstünlikleri

2025-nji ýylyň 11-12-nji fewraly aralygynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda sambo we söweş sambosy boýunça XXIX Halkara ýaryşy geçirildi. Iki günüň dowamynda türgenler baýraklaryň 21-si ugrunda bäsleşdiler. Halkara ýaryşynda ýurdumyzyň samboçylary örän üstünlikli çykyş edip, medallary eýelediler.
Halkara ýaryşynda 71 kg agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kadyrjan Gafurow altyn medala, 79 kg agram derejesinde sport fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Bagtyýar Bahramow, 50 kg agram derejesinde sport fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aminat Guwanjowa hem-de 59 kg agram derejesinde sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Joraýewa dagylar bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» talyp türgenlerimiziň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Suratlaryň çeşmesi: www.sambo.ru

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47