Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 13-nji fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabara ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  
Bäsleşik iki derejede geçirilip, birinji dereje boýunça žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, ikinji derejede bolsa beýleki hünärlerde okap, bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Netijede birinji dereje boýunça talyplaryň 6-syna, ikinji dereje boýunça 11-sine diplomlar, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem tapawutlanan talyplaryň birnäçesi minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Žaloleddin Baltabaýew bäsleşigiň birinji derejesi boýunça üçünji orna mynasyp boldy.

Halmyrat ÝUWŞANOW, 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika kafedrasynyň müdiri.
Suratlaryň çeşmesi: www.tdu.edu.tm

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47