Woleýbol boýunça milli çempionatda gazanylan üstünlik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Golaýda ýaşlary sporta höweslendirmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň zenanlar klub toparlarynyň arasynda milli çempionat guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryş gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
Milli çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» zenanlar woleýbol topary birinji orny eýeläp, çempion bolmagy başardy.
Ýeňiş gazanan talyp türgenlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys!
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.