Sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň talyplarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlarynda belentden wasp edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» hem-de «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň baý many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde guramagynda onlaýn maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplarynyň baý many-mazmuny, şeýle hem ýaňy-ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy we üstünlikli çykyşlary, Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň şaserpaýlaryna mynasyp bolmagy behişdi bedewlerimizi hemişe ýakyn syrdaşy, gadyrly gardaşy, wepaly ýoldaşy saýyp gelen halkymyz üçin göwünleri galkyndyran ajaýyp waka boldy diýlip çykyş eden wekiller biragyzdan belläp geçdiler.
Dabaraly maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 3x3 basketbol, gandbol, küşt we stol tennisi görnüşlerinden ýaryşlar guraldy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.