«Hakyda göwheri» kitabyna bagyşlanan internet-olimpiadasy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyna bagyşlanan internet-olimpiadasynyň jemleri jemlendi. Bu olimpiada ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 200-den gowrak talyp gatnaşdy. Aň-paýhas bäsleşigi iňlis dilinde şahsy ýaryş görnüşinde geçirildi.
Bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýelizaweta Rahmanowa 3-nji orna mynasyp boldy.
Olimpiada türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy barada gymmatly maglumatlary öz içine alýan «Hakyda göwheri» kitabyny çuňňur öwrenmek maksady bilen gurnaldy. Bu çäre şeýle hem uzak aralykdan bäsleşikleri geçirmek üçin sanly bilim platformasynyň ösmegine ýardam etdi.
Dabaraly çärede olimpiadanyň ýeňijilerine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň adyndan diplomlar gowşuryldy.