«Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly sport ýaryşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda abadançylygyň we bolçulygyň hözirini görüp asuda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler has-da guwandyryjydyr. Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň ynamly ösýän, günsaýyn kuwwatlanýan we gözelleşýän döwletleriniň sanawyna ymykly goşuldy. Gazanylýan bu taryhy ýeňişlerde, şöhratly üstünliklerde ýurdumyzda jemgyýetimize peýdaly zähmet bilen meşgullanýan her bir raýatyň, şol sanda zenanlaryň hem mynasyp zähmet goşantlarynyň bardygy aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen jemgyýetinde zenana hemişe aýratyn hormat-sarpa bilen garalypdyr. Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» diýen şygar astynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlary yglan edýär. Ýaryşlaryň düzgünnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Serdar GURDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Talyplar sport klubunyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47