Halkara ylmy-amaly maslahaty

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan  sanly ulgam arkaly geçiriljek “Sport – parahatçylygyň ilçisi” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň
ÇAKYLYK HATY

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport düzümi döredildi. Ylmyň gazananlaryny we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sport ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sportuň ylmy-usulyýet binýadyny berkitmek bilen bagly uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara sport abraýy has-da artýar. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiriljek “Sport – parahatçylygyň ilçisi” atly  halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň bedenterbiýe we sportda özara bähbitli ylmy-amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2025-nji ýylyň 27-nji martyna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:
tdbsi@sanly.tm
Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary:
- Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär;
- Olimpizm filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek;
- Bedenterbiýe we sportda innowasion tehnologiýalar.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).
Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://www.tdbsi.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler:
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
telefon: (+99312) 22-65-37, +99365-69-02-88
elektron poçta: tdbsi@sanly.tm
Guramaçylyk topary.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47