«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy.
«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly talyplaryň arasyndaky sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň woleýbol, futzal, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Sport ýaryşlary adybir halkara ylmy-amaly maslahaty, daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda ussatlyk we görkezme sapaklar, sport üstünlikleriniň sergisi bilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyldy.
Dabaranyň açylyşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans topary, şeýle-de ýaş gimnastikaçylar topary çykyş etdiler. Olar dabaranyň myhmanlaryna ýatdan çykmajak täsirleri paýladylar. Şeýle çäreler diňe bir sportuň ähmiýetini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmakda hem uly orna eýedir. Sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýän ýurdumyzda şeýle çäreleriň geçirilmegi milli sportuň ösmegine itergi berip, ýaş nesliň sagdyn hem-de ruhubelent ösmegine mümkinçilik döredýär.
Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren
Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.