Halkara maslahatyň çäklerinde görkezme sapaklary we sport üstünlikleriniň sergisi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde tejribä esaslanýan görkezme sapaklar uly gyzyklanma döretdi. Halkara maslahatyň çäklerinde sanly ulgam arkaly Russiýa Federasiýasynyň Uýgunlaşma hokkeý federasiýasynyň wekili Anton Politow tarapyndan «Inklýuziw hokkeý» atly görkezme sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda sportuň dürli mümkinçilikleri, aýratyn zerurlyklara eýe bolan adamlar üçin döredilen şertler we inklýuziw çemeleşmäniň jemgyýetdäki ähmiýeti giňden beýan edildi.
Şeýle hem görkezme sapagy «Sport – hemmeler üçin» atly tema bilen dowam edip, sorag-jogap görnüşinde pikir alyşmalar, interaktiw duşuşyklar we okuw sapaklary bilen utgaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bu sapagyň üsti bilen sportuň ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri hökmündäki ähmiýetini nygtap geçdiler. Bu ugurda ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden tanalýan «Galkan» hokkeý toparynyň üstünlikleri üns merkezinde boldy. Aşgabadyň topary diňe bir halkara ýaryşlarda üstünlik gazanmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzda hokkeýiň ösmegine we ýaşlaryň bu sport görnüşine bolan höwesiniň artmagyna uly goşant goşýar. Bu bolsa Türkmenistanda hokkeýiň ösüşiniň barha giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahatyň we okuw sapagynyň çäklerinde sport ulgamynyň ösüşini, gazanylan üstünlikleri hem-de sportuň dürli ugurlaryndaky innowasion çemeleşmeleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň hem-de ylmy gurnaklaryň alyp barýan işlerini görkezýän ýörite sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi sanly ulgam arkaly halkara maslahatyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hem ünsüni özüne çekdi. Olar Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleri, ýaş nesiller üçin döredilýän şertler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.