«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanyldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 1-7-nji apreli aralygynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. 
1-nji aprelden Bütindünýä saglyk gününe çenli dowam eden sportuň woleýbol, futzal, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty giňden wagyz etmek bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny aýdyň görkezdi. Köpçülikleýin sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47