Sport hepdeligi – ýaş türgenleriň mümkinçilikler binýady

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 14-19-njy aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de türgenleriň täze neslini kemala getirmek maksady bilen «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly sport hepdeligi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Sport hepdeliginiň çäklerinde bäsleşikler dürli ugurlary öz içine aldy. Olar umumy bedenterbiýe taýýarlygy, tizlik-güýç talap edýän sport görnüşleri, şeýle-de oýun we göreş görnüşleri boýunça geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň köpugurly ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döretdi.
Bäsleşiklere ýurdumyzyň orta mekdeplerinden we sport mekdeplerinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşmak üçin 600-e golaý ýaşlar isleg bildirdiler. Hasaba alyş işleri döwrebap QR-kod ulgamy arkaly onlaýn görnüşde alnyp baryldy. Sport hepdeligine gatnaşanlaryň aglabasy halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlarda üstünlik gazanan, sport bilen yzygiderli meşgullanýan zehinli türgenlerdir.
Hepdeligiň dowamynda ýaşlara häzirki zaman sport tehnologiýalary we innowasion çözgütler bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly bedenterbiýe we sport boýunça bäsleşikler hem guraldy. Bu bolsa ýaşlaryň sport bilen meşgullanmakda häzirki döwrüň sanly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryna ýol açdy.
Sport hepdeliginiň aýratyn ähmiýetli tarapy – gutardyş synplarda okaýan, bu bäsleşikde ýokary netije görkezen hem-de ýokary sport taýýarlygyna eýe bolan ýaşlara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okuwy dowam etdirmek üçin ýeňillikleriň döredilmegidir. Sport hepdeligine gatnaşanlar ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmekde, olarda sagdyn durmuş ýörelgelerini, şeýle-de milli türgenleriň täze neslini kemala getirmekde bimöçber aladalary edýän Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýelizaweta RAHMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 
sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47