Talyp türgenleriň Gyrgyz Respublikasynda sport ýeňişleri

2025-nji ýylyň 14–17-nji apreli aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Alyş göreşi boýunça ýokary guramaçylykly halkara ýaryş geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden — Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Mongoliýa, Ukraina, Hindistan, Azerbaýjan hem-de Niderlandlar Patyşalygy ýaly ýurtlardan gelen 200-e golaý ussat türgenler Bişkek şäheriniň sport meýdançasynda güýç synanyşdylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bu ýaryşda ýokary netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde has-da belende galdyrdylar. Ýeňijileriň hatarynda:
- Kuwwatmyrat Hojamberdiýew - altyn medal (90 kg)
- Dawut Nazarow - kümüş medal (+100 kg)
- Guwanç Hemraýew - kümüş medal (80 kg)
- Zöhre Gurbanmyradowa - bürünç medal (60 kg)
Türkmen türgenleriniň gazanan bu üstünlikleri diňe bir şahsy ýeňiş bolman, eýsem, ýurdumyzyň sport ulgamynda alnyp barylýan döwlet derejesindäki özgertmeleriň, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämil ösmegini maksat edinýän ýörelgeleriň miwesidir.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47