Basketbol ýaryşy: sport ruhy ýokary derejede
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2025-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamasynyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça ýaryşlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Sportuň basketbol görnüşi boýunça guralan ýaryşda zehinli hem-de yhlasly çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orun Türkmen döwlet maliýe institutynyň toparyna, üçünji orun bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň türgenlerine miýesser etdi.
Bu ýaryş diňe bir ýeňşe bolan höwesiň däl, eýsem, talyp ýaşlaryň sporta bolan giň gyzyklanmasynyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiginiň hem aýdyň beýanydyr. Şeýle çärelere gatnaşmak bolsa, türgenleriň halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar.
Ýelizaweta RAHMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň
sport hünäriniň 4-nji ýyl talyby.