Bedenterbiýe we sport boýunça V Internet bäsleşiginiň netijeleri
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda her ýylyň aprel aýynda geçirilmegi däbe öwrülen bedenterbiýe we sport boýunça V internet bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Bäsleşige ýurdumyzyň 13 sany ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 185-si işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady bedenterbiýe we sport babatda talyplaryň bilimlerini artdyrmak, innowasiýalary we öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň maglumat-tehnologiýalarynyň üsti bilen «Zip-Grade» programma üpjünçiligi peýdalanyldy. Bäsleşige hödürlenen soraglar bedenterbiýe we sport ugrunda talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Soraglar sportuň dürli ugurlary boýunça taýýarlanylyp, talyplara täze tehnologiýalar we öňdebaryjy usullar barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Bäsleşikde anyk jogaplary bermekde we wagt artykmaçlygyny görkezmekde ýokary netijeleri görkezen talyplar ýeňijiler hökmünde kesgitlenildi. Şeýle bäsleşikler talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga we sport ulgamynda täze mümkinçilikleriň açylmagyna uly itergi berýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2025-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky 20/155 belgili Düzgünnamasy bilen döredilen Guramaçylyk toparynyň gutarnykly çözgüdi bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bedenterbiýe we sport boýunça V internet bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi:
- Akmyradow Kakageldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, 92 ball, I orun.
- Artykow Atajan, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, 82 ball, I orun.
- Arslanowa Merjen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, 82 ball, I orun.
- Ýagmyrow Hanaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, 80 ball, I orun.
- Hommiýew Arslan, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, 74 ball, II orun.
- Gulçarow Kakamyrat, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, 74 ball, II orun.
- Baýrammyradow Halnazar, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty, 72 ball, II orun.
- Emirow Söýünaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 72 ball, II orun.
- Döwranow Umyt, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, 70 ball, III orun.
- Açyldurdyýew Derkar, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, 70 ball, III orun.
- Rahmedow Batyr, Türkmen döwlet maliýe instituty, 68 ball, III orun.
- Kadyrow Atageldi, Türkmen döwlet medeniýet instituty, 66 ball, III orun.
- Abdyýew Akürgenç, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, 54 ball, III orun.
Bedenterbiýe we sport boýunça V Internet bäsleşigine işjeň gatnaşyp, uly gyzyklanma bildiren talyp ýaşlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýäris we ýeňiş gazanan talyplary tüýs ýürekden gutlaýarys! Ýeňiji bolan talyplar Hormat hatlaryny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölümi (+99365690288) bilen habarlaşyp alyp bilerler.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.