Talyp türgenlere taý tapylmady

«2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 23-nji aprelinde paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar. Bu waka türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabatda ýene bir wekilçilikli bäsleşik — sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guralýar. Oňa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar. Bu halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.
Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, joşgunly aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra ýaryşyň maksatnamasynyň birinji görnüşi — türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda bäsleşiklere orun berildi. 8 agram derejesiniň ählisinde türkmen türgenleri ýeňiji boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 62675 harby bölüminiň esgeri Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýarlaýan sport mekdep-internatynyň terbiýeçisi Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 56-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar.
Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal (8 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç) gazandy. 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gyrgyzystanyň topary ikinji, 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen Owganystanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeleýär. Özbegistanyň topary 3 bürünç medal, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň toparlary bolsa hersi bir bürünç medal gazandylar.
24-nji aprelde guşakly alyş göreşiniň ussatlary erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört medal toplumy ugrunda göreşerler.

Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47