Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Türgenlerimiziň bu gazanan üstünligi ýurdumyzda sporty ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz milli we halkara ähmiýetli giň gerimli sport taslamalaryny durmuşa geçirip, sporty milli taglymata öwürdiler. Şonuň netijesinde, berkarar Watanymyz iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryş dürli ýurtlardan gelen pälwanlaryň sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça ussatlyklaryny görkezmekleri üçin möhüm meýdança öwrüldi hem-de sportuň bu milli görnüşlerini wagyz etmäge, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edip, halkymyzyň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dürli derejedäki ýaryşlary kabul etmek we üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary we talyp türgenleri altyn, kümüş, bürünç medallary gazanmak bilen bir hatarda, ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejede geçmegi üçin mynasyp goşant goşdular. Halkara ýaryşa gatnaşan milli ýygyndy toparymyzyň düzümine institutymyzyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň agzalary bolan owkalaýjy we sport psiholog talyp ýaşlar hem wekil hökmünde gatnaşdylar. Bu hünärmenleriň ýerine ýetiren hyzmatlary toparyň üstünlikli çykyş etmegine hem-de ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine mynasyp goşant goşdy. Ýokary okuw mekdebimiziň «Ýaş sport tehnologlary» ylmy gurnagy tarapyndan işlenilip düzülen programma üpjünçiligi halkara ýaryşynyň sanly dolandyrylyşyny üpjün etmek, duşuşyklaryň wagtyny, utuklaryň hasabyny, duýduryşlary, ýeňiş netijelerini anyk hem-de takyk görkezmek üçin peýdalanmaga gönükdirildi.
Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47