TDBSI-niň ylmy çykyşlary «FIEPS – 2025-iň» gün tertibinde
2025-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde XIX FIEPS Ýewropa kongresi geçirildi. Bu abraýly halkara çäresi bedenterbiýe we sport ylymlary ugrundaky täze çemeleşmelere, ylmy tejribelere hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
«Kämillige ruhlandyrmak: bedenterbiýe we sport biliminiň geljegini güýçlendirmek» şygary astynda bu kongres FIEPS (Halkara bedenterbiýe federasiýasy) tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy. Oňa dünýäniň 43 döwletinden gelen takmynan 250 sany wekiliň gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda diplomatik ýollar arkaly Halkara bedenterbiýe federasiýasynyň Ýewropa kongresiniň başlygy Prof. Dr. Neşe Şahiniň ýokary okuw mekdebimize ýollan resmi çakylyk haty esasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan ylmy çykyşlaryň girizilmegi buýsandyryjydyr. Bu ýagdaý ýokary okuw mekdebimiziň «Olimp» ylmy-usuly merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegine, bu merkeziň Ýewraziýa Sport ylymlary bileleşigi tarapyndan geljekde halkara akkreditasiýasyny geçmegine giň ýol açýar. 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyna Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boldy.
FIEPS Ýewropa kongresiniň netijeleri boýunça taýýarlanyljak ylmy neşirleri «Scopus» we «SPORTDiscus» ýaly abraýly halkara indekslerde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Guramaçylyk topary bu abraýly halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşant goşan ähli hyzmatdaşlara, gatnaşyjy kärdeşlere hem-de işjeň gatnaşan topar agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.
Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.