Parahatçylyk we ynanyşmak üçin sport
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasynda ýaýbaňlandyrylan Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary arkaly ýurdumyzyň alyp barýan dünýä ähmiýetli sport syýasatynyň uly goldawa eýe bolmagynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama biragyzdan kabul edilipdi. Onda her ýylyň aprel-maý aýlarynda guramanyň ýanynda hereket edýän diplomatik we konsullyk wekilhanalaryň, onuň Sekretariatynyň, ýöriteleşdirilen düzümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge çagyryş öz beýanyny tapýar.
Milletler Bileleşiginiň ştab-kwartirasynda hakyky sport baýramçylygy ruhunda guralýan çärelere şu ýyl dünýäniň 110 döwletine wekilçilik edýän diplomatik işgärleriň 800-den gowragy gatnaşýar. Onuň açylyş dabarasy hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekillerini, düzümleýin edaralarynyň, hemişelik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny, meşhur türgenlerdir tälimçileri, Dostluk oýunlarynyň hormatly ilçilerini bir ýere jemledi. Birnäçe günläp dowam edýän ýaryşlarda olara gatnaşyjylar adalatly bäsdeşlik we toparlaýyn ýaryşmak ruhunda sport diplomatiýasynyň ideallaryna ygrarlydyklaryny aýdyň görkezýärler. Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň futbol, basketbol, woleýbol, badminton, stol tennisi, ylgaw, küşt, ýoga ýaly görnüşleri girizildi. Diplomatlaryň arasyndaky sport çäreleri maý aýynyň ortalaryna çenli dowam edip, ýapylyş dabarasynda ýeňijilere degişli baýraklar gowşurylýar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.