Dünýä çempionatynda nobatdaky üstünlikler
2025-nji ýylyň 30-njy apreli - 5-nji maýy aralygynda Peru döwletiniň Lima şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Oňa düzüminde 4 sany zenan we 3 sany erkek türgenlerden düzülen milli ýygyndy toparymyz gatnaşdylar.
Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Amanowa 55 kg agram derejesinde silterläp götermekde 79 kg, itekläp götermekde 101 kg, umumy 180 kg göterip, itekläp götermekde görkezen netijesi boýunça ýetginjekleriň arasynda kiçi bürünç medala eýe boldy.
Mary welaýatynyň türgeni Kakamyrat Annamyradow 73 kg agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 130 kg, itekläp götermekde 160 kg, umumy 290 kg göterip, ýetginjekleriň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.
Daşoguz welaýatynyň türgeni Didarbek Jumabaýew 81 kg agaram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 137 kg, itekläp götermekde 168 kg, umumy 305 kg göterip ýetginjekleriň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.
Mary welaýatynyň türgeni Yslam Akmyradow 96 kg agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 141 kg, itekläp götermekde 175 kg, umumy 316 kg göterip, ýetginjekleriň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anamjan Rustamowa 87 kg agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 108 kg, itekläp götermekde 141 kg, umumy 249 kg göterip, ýaşlaryň arasynda 1-nji orna mynasyp boldy. Ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladan zenan türgenimiz dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Mundan başga-da, talyp türgenler Medine Amanowa we Gülälek Kakamyradowa 64 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, öz tejribelerini kämilleşdirdiler.
Durdygözel AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.