Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygyna çäreler
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde guramagynda bu ýokary okuw mekdebinde «Ýüreklerde ýaşaýar gahryman gerçeklerimiz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Eziz halkymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk hakyndaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary, baý durmuş ýollary agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň berk binýadydygy çykyşlarda giňden bellenilip geçildi.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyndan soň «Milli gahrymanlarymyzyň edermenligi Berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleri üçin watansöýüjiligiň mekdebidir» atly ylmy-amaly maslahat ýaýbaňlandyryldy.
Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyzyň zähmeti Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly edebi çykyşlarynda giňden wasp edildi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşanlar mähriban topragymyz, eziz Watan üçin gahrymançylykly söweşen we başlaryny orta goýan edermen Watan gerçekleriniň sarpasyny belent tutup, abraý-mertebesini arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.