Ýaş sport žurnalistleriniň döredijilikli üstünliginiň miwesi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyplaryň döredijilikli zähmetleriniň netijesinde taýýarlanylýan “Talyp sporty” elektron gazetiniň nobatdaky 20-nji sany institutyň sanly bilim gurşawyna ýerleşdirildi. Bu elektron gazetiň her aýda taýýarlanylmagy ýaş sport žurnalistleriniň dünýägaraýşy bilen ýurdumyzyň sport ulgamyndaky ösüşleri şöhlelendirýän möhüm maglumat çeşmesine öwrülýär.
Ýokary okuw mekdebimiziň “Ýaş sport žurnalistleri” ylmy gurnagynyň çäginde döredilen bu elektron gazetiň her bir sany talyp ýaşlaryň döredijilik başarnyklarynyň we hünär taýýarlygynyň miwesidir. Şeýle hem, gazetiň sahypalarynda talyp türgenleriň halkara we milli derejeli sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, okuw-türgenleşikleri, professor-mugallymlaryň baý tejribesi we jemgyýetçilik çäreleri giňden beýan edilýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köp ýyllaryň dowamynda tutanýerli we yhlasly zähmet çekip gelýän hormatly halypa žurnalist Aşyrmuhammet Saryýewiň “Ýaş sport žurnalistleri” ylmy gurnagynyň agzalary bolan talyplar bilen bilelikde asylly başlangyçlary esasynda döredilen “Talyp sporty” gazeti gysga wagtyň içinde okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başardy.
Gazetiň täze sanynda dünýä we ýurt derejesindäki sport wakalary bilen birlikde, sport žurnalistikasy boýunça bilim alýan ýaşlaryň öwrenýän tejribeleri hem öz beýanyny tapýar. “Talyp sporty” gazetiniň ýaşlaryň döredijilik mümkinçiligine giň ýol açýandygyna hem-de hünär taýdan ösüşine ýardam edýändigine göz ýetirmek bolýar. Elektron gazeti şu salgydan okap bilersiňiz.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.