XIV Uniwersiadanyň jemleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen halkymyzyň durmuşynda sagdynlyk, ruhubelentlik, sporty söýmek ýaly gymmatly ýörelgeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri hem munuň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli sport çäreleriň biri bolan we «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiada aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sport baýramçylygynyň esasy ýaryşlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Sport dünýäsiniň bilim ojagynyň ýurdumyzda häzirki zaman sporty ösdürmekdäki orny we mümkinçilikleri uniwersiadanyň ýokary derejesini üpjün etdi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu sport ýaryşy diňe bir bäsdeşlik ruhunda däl, eýsem, agzybirligiň, parahatçylygyň, watansöýüjiligiň hem-de sporta bolan belent söýginiň dabaralanan çäresine öwrüldi. Ýeňiji bolan türgenleriň arasynda halkara derejesinde çykyş edip biljek zehinli türgenleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle türgenleriň ýüze çykarylmagy we olara şertleriň döredilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek baradaky beýik başlangyçlaryň miwesidir.
Sylaglanyş dabarasy sportuň ýaşlary jebisleşdirýän, maksadaokgunlylyga, zähmetsöýerlige we halal bäsdeşlige ruhlandyrýan beýik güýjüniň beýany boldy. Sport jemgyýetimiziň ruhy ganaty hökmünde ýaş nesli belent maksatlara ruhlandyrýar, ýeňşe bolan ynamy berkidýär. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň jemleri aşakdaky görnüşe eýe boldy:
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary
Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
2-nji orun - Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
3-nji orun - Aşgabat mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Lebap welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary
Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.