Konstitusiýa we Döwlet Baýdagymyz buýsanjymyz

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa we Döwlet Baýdagymyz — berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň hem-de rowaçlygymyzyň belent maksatlaryna ruhlandyrýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletimiziň durmuş binýadyny berkidýän, jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny kesgitleýän mukaddes Konstitusiýamyz bilen birlikde, Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, milli jebisligimiziň hem-de agzybirligimiziň beýik nyşanyna öwrülen ýaşyl Tugumyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Bu belent mukaddeslikler halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu günki zamanasynyň we beýik geljeginiň aýdyň alamaty bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan taryhy ösüşleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik we halkara hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendigini uly buýsanç bilen nygtadylar.
Däp bolan maslahatyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlary belent ruhda geçirilip, aýdym-sazly edebi kompozisiýalarda watançylyk, döwletimiziň ösüşleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik syýasaty wasp edildi.
Şeýle-de, maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalaryna jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandyklary, watançylyk hem-de raýat jogapkärçiligi bilen tapawutlanandyklary üçin Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47