«Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýagty ýoludyr» atly okuw sapagy
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty bilen baglylykda ýörite okuw sapagy geçirildi. Bu halkara forum 2025-nji ýylyň awgust aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Okuw sapagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bu halkara çärä gatnaşjak ýaş wagyzçylar üçin taýýarlanan meýilnama esasynda geçirildi. Maslahatyň esasy maksady – ýaşlaryň halkara diplomatiýasynyň ähmiýetini, parahatçylyk, ynanyşmak we sport hyzmatdaşlygy arkaly gazanylýan ösüşleri çuňňur düşünmeklerine ýardam bermekden ybarat boldy.
Okuw sapagy «Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýagty ýoludyr» atly şygar astynda guralyp, onuň dowamynda sportuň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuna aýratyn üns berildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki üstünlikleri giňden beýan edildi.
Şeýle-de, sapagyň dowamynda türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine esaslanýan we Hazaryň kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Awaza diňe bir ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin däl, eýsem, halkara forumlaryň, maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar.
Halkara maslahatyň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende götermekde, syýasy-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösüş ýolundaky döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.
Sapagyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin hem-de kanagatlanarly jogap aldylar. Okuw sapagy ýaşlarda watansöýüjilik, halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmak, sport arkaly dostlugy we ynanyşmagy wagyz etmek ýaly gymmatly düşünjeleri pugtalandyrdy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.