Talyp türgenimiz - ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşyň emini

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “UNG Meeting World Athletics Continental Tour Bronze” atly halkara ýaryşy guramaçylykly geçirildi. UNG Meeting — “World Athletics Continental Tour” ulgamynyň “Bronze” derejeli ýaryşlarynyň biri bolup, halkara ýeňil atletika jemgyýetçiliginde giň seslenme döredýär. “World Athletics Continental Tour” ulgamy 2020-nji ýylda döredildi we her ýylda geçirilýär. 2025-nji ýylda bu ulgamda jemi 249 ýaryşyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda 12-si “Gold”, 45-si “Silver”, 89-sy “Bronze” we 103-si “Challenger” derejesindäki ýaryşlardyr. Bu ýaryş türgenlere halkara derejede tejribe toplamak, dünýä reýtinginde utuk gazanmak we öňümizdäki Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem, bu çäre ýeňil atletikanyň muşdaklary üçin aýratyn gyzyklanma döredýän möhüm waka hökmünde häsiýetlendirilýär.
Bu halkara ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň sport (ýeňil atletika) hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýelizaweta Rahmanowanyň eminçilik etmegi guwandyryjydyr. Ý.Rahmanowanyň halkara ýaryşynda eminçilik wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi ýurdumyzyň ýaş hünärmenleriniň dünýäniň sport giňişligindäki ornunyň barha artýandygyny görkezýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň sport, bilim ulgamynyň hiliniň ýokarlanýandygyny hem-de ýaşlaryň halkara derejesinde tanalmak mümkinçiliginiň giňelýändigini görkezýän anyk subutnamadyr.
Halkara ýaryşlaryna gatnaşmak diňe bir türgenler üçin däl, eýsem eminçilik we guramaçylyk işlerine gatnaşýan ýaş hünärmenler üçin hem örän möhüm tejribe bolup durýar. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara we sport ulgamyna berýän uly üns-aladalarynyň netijesidir.

Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47