Sport programmirlemesi boýunça Hakaton - sanly sport geljegi

2025-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmesini we sanly mümkinçiliklerden peýdalanmagyny goldamak maksady bilen, sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek ugrundan Hakaton bäsleşigi üstünlikli geçirildi. Sport programmirlemesi boýunça geçirilen bu çäre institutymyzyň sport tehnologiýalary we menejmenti hem-de “Ýaş sport tehnologlary” ylmy gurnagy tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy.
Bäsleşige gatnaşan toparlar sport bilen meşgullanýanlaryň tälimçilik maksatnamalaryna, maşklaryna, ösüş derejesine we fiziki ýagdaýlaryna gözegçilik edip bilýän döwrebap sanly platforma taýýarlamak boýunça özara bäsleşdiler. Toparlar tarapyndan işlenip düzülen çözgütlerde häzirki zaman sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Mobil enjamlara uýgunlaşdyrylýan, offline görnüşde hem işleýän, ulanyjy üçin amatly interfeýsli we açyk kodly serişdeler esasynda işlenen platformalara eminler tarapyndan ýokary baha berildi.
Hakaton bir tarapdan, talyp ýaşlaryň sanly düşünjesini, programmirleme başarnyklaryny we toparlaýyn işlemek ukybyny ösdürmekde möhüm ädim bolsa, beýleki tarapdan, sport ulgamynda IT çözgütleriň orny, mümkinçilikleri we zerurlygy baradaky garaýyşlary giňeltmäge itergi berdi. Sanly tälimçi ýaly platformalar geljekde sport tälimçiliginde, ýokary netijeli türgenleşik işlerinde we sport ylymlarynda giňden ulanylyp biljek aýratynlyga eýedir. Şeýle innowasion çemeleşmeler ýurdumyzyň sport ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna gönükdirilen strategiýasy bilen hem doly baglanyşyklydyr.
Emin agzalarynyň çözgütleriniň tehniki kämilligi, dizaýny, funksionallygy hem-de sport ulgamyna uýgunlaşyşy boýunça beren bahalary esasynda ýeňijiler kesgitlenildi:
- Türkmenistanyň Serhet instituty – 98 ball, baş baýrak
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty – 93 ball, I orun
- Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty – 91 ball, I orun
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti – 87 ball, II orun
- Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty – 86 ball, II orun
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – 84 ball, III orun
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty – 83 ball, III orun
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty – 81 ball, III orun
- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti – 80 ball, höweslendiriji baýrak
- Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary instituty – 78 ball, höweslendiriji baýrak
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty – 77 ball, höweslendiriji baýrak
- Türkmen döwlet maliýe instituty – 76 ball, höweslendiriji baýrak
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti – 75 ball, höweslendiriji baýrak
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Hakaton bäsleşigini geçirmek üçin döredilen Guramaçylyk topary ähli gatnaşyjylara we ýeňijilere minnetdarlyk bildirýärler hem-de üstünlikleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýärler! Ýeňiji bolan talyplar Hormat hatlaryny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölümi (+99365690288) bilen habarlaşyp alyp bilerler.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47