Türkmen ýaşlarynyň halkara sport dialogyna mynasyp goşandy
21-24nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumy ýylyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Forum Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Aýlagdaky arap döwletlerinden gelen wekiliýetleri, 100-den gowrak gatnaşyjyny Täjigistanyň paýtagty Duşenbede jemledi. Dost-doganlyk ruhunda geçýän bu forum iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, durnukly ösüşe ýaşlaryň goşandyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Halkara ýaşlar forumyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenistan» gazetiniň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan ýurdumyzyň wekiliýeti, şolaryň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň sambo boýunça tälimçi-mugallymy Döwletgeldi Jumaýew hem işjeň gatnaşýar.
Ýaşlaryň sport başlangyçlary forumda aýratyn üns berlen esasy ugurlaryň biri boldy. Türkmenistanda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, türgenleşik zallary we stadionlar gurulýar. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegine we halkara ýaryşlarda üstünlik gazanmagyna şert döredýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän şeýle forumlar ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine, parahatçylykly ösüşe hyzmat edýän başlangyçlaryň döremegine itergi berýär.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.