Uşu boýunça Merkezi Aziýanyň kubogynda üstünlikler

2025-nji ýylyň 16-18-nji maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde uşu boýunça Merkezi Aziýanyň kubogyny almak ugrunda halkara ýaryşy üstünlikli tamamlandy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu sebit ýaryşy sportuň uşu görnüşiniň ösdürilmegine we halkara derejesinde tanadylmagyna gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir.
Uşu boýunça Merkezi Aziýanyň kubogynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Suhrab Rustamow I orna, Eziz Çolukow II orna we Sanjar Orazow III orna mynasyp boldular. 
Ýaryşlaryň netijeleri Merkezi Aziýada uşunyň ösüşine uly täsir edýär. Türgenleriň gazanan üstünlikleri ýaş nesiller üçin görelde bolup, olaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47