Uçurymlar zähmet ýoluna gadam basdylar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda her ýylyň tomus paslynyň iň buýsançly günleriniň biri bolan uçurymlary zähmet ýoluna ugratmak dabarasy ýokary ruhubelentlikde, dabaraly ýagdaýda geçirildi. “Uçurym – 2025” ady bilen geçirilen baýramçylyk çärelerinde institutyň giň meýdançasy uçurymlaryň ýylgyryşlaryna, ata-eneleriň buýsanjyna, mugallymlaryň alkyşlaryna beslendi.
Şu ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny 602 talyp üstünlikli tamamlaýar. Olar döwrebap bilim hem-de kämil tejribe bilen ýüklenen, sporty söýýän, ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýe bolan ýaş hünärmenlerdir. Şolaryň 50-si ýokary görkezijiler bilen okap, tapawutlanan diplom almaga mynasyp boldular.
Dabaranyň dowamynda uçurymlara institutyň rektorlygy, professor-mugallymlar düzümi, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynyň öňdebaryjy wekilleri gutlag sözlerini aýtdylar. Olar uçurymlara täze durmuş ýolunda üstünlik, halal zähmet, Watana wepalylyk hem-de sport ulgamynda ýokary sepgitleri arzuw etdiler.
Uçurymlar tarapyndan döredijilik çykyşlary, sport çykyşlary we ýadygärlik pursatlary şekillendirýän wideomaglumatlar görkezildi. Uly ruhubelentlikde geçen bu dabarada ýaşlaryň watançylyk duýgulary, sporta bolan söýgüsi we geljege ynamy aýratyn duýuldy.
Bu şanly gün – “Uçurym – 2025” dabarasy uçurymlar üçin täze durmuş ýoluna ädilen ilkinji möhüm ädim bolup, olara berk ynam, ylmy hem-de ahlak esasly ýol görkezýär.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47