“Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy” atly okuw kitaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm işler amala aşyrylýar. Bu ösüşleriň aýdyň mysallarynyň biri hem – Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edilen “Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy” atly okuw kitaby bolup durýar. Kitabyň awtory – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tejribeli mugallymy, köp ýyllyk pedagog Allamyrat Goçow.
Bu okuw kitabynyň taýýarlanmagy häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýär. Ol diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl-de, eýsem, orta hünär mekdeplerinde, sport mekdeplerinde, sport klublarynda, şeýle-de dürli sagaldyş merkezlerinde zähmet çekýän hünärmenler üçin hem möhüm gollanma bolup hyzmat edýär. Kitap bedenterbiýäniň we sportuň taryhy taýdan ösüşini giňişleýin, ylmy esasda beýan edýär.
Kitapda bedenterbiýäniň we sportuň başlangyç döwürlerinden başlap häzirki zaman tapgyrlaryna çenli ösüş ýoluna göz ýetirilýär. Kitabyň aýratyn ähmiýetli bölümleri gadymy grek Olimpiýa oýunlaryndan başlap häzirki zaman Olimpiýa hereketleriniň taryhyny öz içine alýar.
“Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy” okuw kitabynyň mazmunynda türkmen milli göreşiniň taryhy köklerine aýratyn üns berlendigi bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren beden we ruhy terbiýe ýörelgeleri häzirki döwrüň sport pedagogikasynda hem ulanylyp biljek gymmatlykdyr.
Bu okuw kitaby diňe bir taryhy maglumatlary bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň arasynda watansöýüjiligi, sporty söýmek duýgusyny hem ösdürmäge gönükdirilendir. Bu kitap türkmen sportunyň we bilim ulgamynyň ösdürilmegine, täze zehinleriň kemala gelmegine ýardam berýän çynlakaý gollanmadyr.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.