“Sport desgalary” atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sport infrastrukturasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen taýýarlanan “Sport desgalary” atly okuw kitaby ýurdumyzyň sport ulgamy üçin ähmiýetli neşirleriň biri bolup çykyş edýär. Jennet Hydyrowa, Alty Garýagdyýew, Serdar Baýsähetow we Gülnabat Garýagdyýewa ýaly tejribeli pedagoglar tarapyndan taýýarlanan bu kitap “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edilip, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw maksatnamasyna laýyklykda düzülendir.
Okuw kitabynda sport desgalarynyň taryhy ösüş ýoly bilen birlikde, olaryň häzirki zaman görnüşleri, gurluşyk aýratynlyklary, tehniki häsiýetnamalary we howpsuzlyk kadalary giňişleýin beýan edilýär. Esasan hem köpugurly sport toplumlary, olaryň maksatly ulanylyşy, toplumlaryň taslama işi hem-de gurluşygy bilen bagly meseleler ylmy-usuly taýdan düşündirilýär.
Kitabyň aýratyn ähmiýetli taraplarynyň biri hem onuň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Olimpiýa şäherjigindäki iri sport desgalaryna aýratyn orun bermegidir. Talyp ýaşlar bu neşiriň üsti bilen dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan stadionlar, sport toplumlary hem-de türgenleşik merkezleri bilen tanşyp bilerler. Şonuň ýaly-da, sport desgalaryna gözegçilik etmek, olaryň tehniki hyzmatlary we dolandyrylyş ulgamyny öwrenmek ýaly meseleler hem kitabyň esasy bölümleriniň biridir.
“Sport desgalary” okuw kitaby diňe bir talyplar üçin däl, eýsem, sport gurluşygy bilen meşgullanýan inženerler, tälimçiler, sport dolandyryş işgärleri hem-de bedenterbiýe we sporta gyzyklanma bildirýän ähli okyjylar üçin hem ähmiýetli çeşmedir. Okuw kitaby sport infrastrukturasynyň gurluşy bilen tanşyp, bu ulgamy ösdürmek isleýän ýaşlar üçin ygtybarly ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň sport ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagyna we halkara ölçeglere laýyk sport giňişliginiň döredilmegine bu okuw kitaby örän möhüm goşant goşýar.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.