Sportuň küşt görnüşi boýunça halkara ýaryşy

Dünýä döwletleriniň ençemesinden çagalaryň köp sanlysy tomusky dynç alşynda gözel Aşgabatda myhman bolmak bagtyna eýe bolýar. Olar sportuň, ruhubelentligiň, ýeňişleriň şäherine öwrülen merjen paýtagtymyzda badalga berlen sportuň küşt görnüşi boýunça halkara ýaryşyna gatnaşýarlar.
Halkara ýaryşa gatnaşyjy döwletleriň sany, ýurdumyz bilen bilelikde, 11-e ýetip, olaryň wekilleri bolsa 200-e golaýlaýar. Biziň wekillerimizden başga, Aşgabatdaky halkara ýaryşyň medallaryna eýe bolmak üçin Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hindistan, Russiýa, Tailand, Wýetnam, Malaýziýa ýaly ýurtlardan küştçüler paýtagtymyza geldiler. Daşary ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň arasynda ata-eneler, tälimçiler, topar ýolbaşçylary, resmi wekiller hem bar. Ýaryşa Türkmenistandan 80-den gowrak ýaş küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň binalar toplumyna golaý ýerleşýän Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde guralýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlary-da yzygiderli geçirilýär. Futbol boýunça milli ýygyndymyz hem-de Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol topary şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherlerinde halkara derejeli resmi duşuşyklaryň üçüsini geçirdi. Olaryň üçüsiniň-de türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatlamak ýakymly. Aprel aýynda milli we guşakly göreşiň alyş görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryş hem ýaş zehinleriň ençemesini ýüze çykardy. Ine, indi bolsa merjen paýtagtymyz küşt dünýäsiniň geljekki ýyldyzlaryny myhman alýar.
Türkmen küştçüleriniň bu ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendiklerini nygtamak gerek. Şu ýyl 8–12 ýaşa çenli ýaş derejelerindäki türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ençeme medallara mynasyp boldular. Anyk mysallara salgylansak, aprel aýynda çalt oýnamak boýunça Gresiýada geçirilen çagalaryň we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Anna Çaryýewanyň bürünç, ýene şol aýda Täjigistanda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýewiň, 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Maksat Awlýakulyýewiň, Myrat Merdanowyň we Didar Hupbyýewiň bürünç medallary gazanandygyny aýdyp bileris. Olaryň we beýleki türgenlerimiziň paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşda-da üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynamymyz uludyr.
Ýatlap geçsek, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek fijital-küşt ýaryşlary üstünlikli geçirilip, bu ugurda zehinli türgenleri ýüze çykarmak işleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Halkara ýaryşa hem ýokary okuw mekdebimiziň meýletinçileri, küşt boýunça tälimçi mugallymlary, talyplary guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar. 
Türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanan gollanmalar esasynda halkara ýaryş barada giňişleýin maglumatlar, täzelikler we oýunlaryň netijeleri bilen onlaýn usulynda tanyş bolmak, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) küştüň taryhyna bagyşlanan ilkinji sanly muzeýine syýahat etmek mümkinçilikleri döredildi. Onlaýn-arhiw muzeýi küşt oýnunyň taryhy ösüşi baradaky gyzykly materiallary hödürläp, gadymy döwürlerden häzirkizaman ýaryşlaryna çenli döwri öz içine alýar. Halkara küşt federasiýasynyň maglumatlaryna görä, muzeý küşt artefaktlarynyň dünýäde iň uly ammarydyr. Ol kitaplary, resminamalary we beýleki gymmatly materiallary birleşdirýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan taýýarlanan halkara ýaryşyň maglumatlar gollanmasyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47