Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy — ruhy baýlygymyzyň ebedi çeşmesi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Berkarar döwletimizde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzat ylmynyň we medeniýetiniň hazynasydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Bu çärä gatnaşan ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, mugallymlar, talyp ýaşlar öz çykyşlarynda Gündogaryň beýik söz ussady, türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň döredijilik çeşmesi Magtymguly Pyragynyň pähim-parasatly setirleriniň häzirki döwrüň ruhy binýadyna öwrülendigini aýratyn nygtadylar. Akyldaryň her bir setiri diňe bir şygryýet öwüşgininden däl, eýsem, ahlak we watansöýüjilik mekdebinden nyşandyr.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň adamzat ynsanperwerligine, halklaryň agzybirligine, parahatçylyga bolan çagyryşlarynyň häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş ýörelgeleri bilen sazlaşýandygyny belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýetimize, edebiýatymyza, ýaş nesliň ruhy taýdan kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şol möhüm taglymatlar ylmy-amaly maslahatda çykyş edenleriň pikirlerinde hem giňden beýan edildi.
Çäräniň dowamyndaky «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly, edebi kompozisiýalary bolsa, Magtymguly Pyragynyň dünýäsi bilen halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, gözel zamanamyzyň sazlaşygyny belent buýsanç bilen wasp etdi. Ylmy-amaly maslahatyň jemlerinde çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk duýgularyny beýan etdiler.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.