Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Her ýylyň 23-nji iýuny – Halkara Olimpiýa güni dünýä jemgyýetçiliginde sportuň adamzady birleşdirýän, ynsanperwer gymmatlyklary wagyz edýän, parahatçylyga we ynanyşmaga daýanç bolup çykyş edýän güýç hökmünde bellemek däbi dowam etdirilýär. Bu sene 1894-nji ýylda Parižde Halkara Olimpiýa komitetiniň esaslandyrylmagynyň hormatyna döredilip, häzirki döwürde diňe bir sport çäreleri bilen däl, eýsem, bedenterbiýe, bilim we jemgyýetçilik işjeňligi arkaly dünýäde dostlugy, agzybirligi we ösüşi ösdürmek maksady bilen giňden bellenilýär.
Şu halkara sene mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen «Sport – dünýäniň parahatçylygy!» atly ylmy-amaly maslahat hem diňe bir sport ulgamynyň ösüşini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ynsanperwerlik syýasatynyň aýdyň beýany boldy.
Maslahata gatnaşan ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar çykyşlarynda ýurdumyzyň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlydygyny, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly tagallalaryň edilýändigini nygtadylar. Çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, sport diňe fiziki taýdan sagdynlygy üpjün edýän serişde däl-de, eýsem halklaryň arasynda dostluk, düşünişmek we birek-birege hormat goýmak medeniýetini hem ösdürýän güýçli ähmiýete eýedir. Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly hem-de edebi çykyşlarynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleri, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämillige ýetmegi baradaky beýik maksatlar joşgunly wasp edildi.
Maslahatyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, türgenleriň ruhubelentligini ýokarlandyrdy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.