Talyp türgenimiz Sabina Kadyrowa - kuraş boýunça Aziýa çempiony
Türkmenistanly türgenler Koreýa Respublikasynyň Geosan şäherinde geçirilen Kuraş boýunça XIV Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler we 16 sany medala mynasyp boldular.
Çempionatyň netijeleri boýunça olar 1 altyn, 6 kümüş, 9 bürünç — jemi 16 medal gazanyp, ýaşyl baýdagymyzy belentde parlatdylar. 78 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport hünäriniň 2-nji ýyl talyby, ýaş türgen Sabina Kadyrowa altyn medaly gazanmagy başardy. Sabina 2023-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem 78 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp bolupdy.
XIV Aziýa çempionatynda milli ýygyndymyzyň guwandyryjy netijelere eýe bolmagy türgenlerimiziň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny tassyklaýar.
Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň arasynda däp bolan guşakly göreşiň bir görnüşidir. Aziýada geçirilýän ähli yklym oýunlaryna 2003-nji ýylda resmi taýdan girizilen kuraş boýunça nobatdaky ýaryşa Aziýanyň 25-den gowrak döwletinden 600 töweregi türgen gatnaşdy.
tmcars.info