Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby - «Serhetsiz Hazar» halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-22-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde X ýubileý Hazar media forumy geçirildi. Forumyň işine we onuň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdylar. Forumyň ikinji gününiň çäginde «Serhetsiz Hazar» atly halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy guraldy. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Žurnalistler birleşigi we Astrahan oblasty tarapyndan yglan edilip, «FotoHazar», «Täzeçe garaýyş», «Adam we deňiz», «Hazar ýurtlaryny açmak» we «Hazar deňzi – saglyk sebiti» ýaly ugurlar boýunça geçirilýär.
Türkmen döwlet  bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew Aşgabat şäherinde geçirilen halkara we sport forumlara hem-de türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan fotoreportažlar toplumy bilen halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, «FotoHazar» ugry boýunça 2-nji orna mynasyp boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47