Talyp türgenleriň sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzasy bolan ýokary okuw mekdebimizde 2025-nji ýylyň 15-25-nji sentýabry aralygynda «Sport we ýaşlar – sagdyn jemgyýetiň binýady» atly köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berildi. Indi däbe öwrülen hem-de sportuň woleýbol, basketbol we futzal görnüşleri boýunça geçirilýän sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň oýun görnüşleri boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezerler. Ýaryşlar türgenlerimiz üçin halkara oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyry bolup durýar.
Ýaryşlaryň maksady ýaşlary sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny, Olimpiýa hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de milli we halkara baýramçylyklary giňden dabaralandyrmakdyr. Ýaryşlaryň wezipeleri bolsa Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini we köpçülikleýin sporty ösdürmek başlangyçlarynyň ähmiýetini görkezmekden, Türkmenistanda sporty ösdürmek, ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek, ýokary derejeli sporty ösdürmekden, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Sport ýaryşlary 20-nji sentýabrda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli UNESCO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) wekiliniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum bilen utgaşykly dowam eder. 
Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Fotokollažy düzen Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47