Talyplar sportunyň halkara güni
Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli foruma gatnaşyjylara gutlag sözi
Hormatly foruma gatnaşyjylar, hormatly myhmanlar!
Ilki bilen, bu milli foruma gatnaşmaga mümkinçilik döreden Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Onuň Alyhezretleri Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa öz hoşallygymy bildirýärin.
Forumyň «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly şygary ÝUNESKO-nyň sportuň diňe bir bäsdeşlik we fiziki sowatlylyk bilen çäklenmän, eýsem öz içine alyjylygy, jemgyýetçilik jebisligini we parahatçylygy ösdürmek baradaky ynamyna doly laýyk gelýär.
Bu forumyň Talyplar sportunyň halkara gününde geçirilmeginde uly many-mazmun bar. Ýokary okuw mekdepler köpden bäri diňe bir bilim berýän ojak bolman, eýsem, ýaşlaryň aňynyň we geljeginiň emele gelýän möhüm döwründe sport arkaly hormat, raýdaşlyk, özara düşünişmek we öz-özüňi kämilleşdirmek gymmatlyklaryny ýaýratmakda esasy orun eýeleýän giňişliklerdir. ÝUNESKO üçin sport diňe bir ajaýyp netijeleri gazanmak däl, eýsem, adam hukuklary, gender deňligi we jemgyýetçilik inklýuziýasy üçin hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär, köpçülikleýin sport bolsa onuň özeni bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen VII MINEPS konferensiýasynda döredilen ÝUNESKO-nyň «Fit for life» Global Sport Bileleşigi bilen tanyşdyrmaga rugsat ediň. Ol inklýuziw, deňhukukly, howpsuz bedenterbiýe we sport üçin ähliumumy elýeterliligi üpjün etmeklige gönükdirilen strategiki bileleşik bolup hyzmat edýär. «Fit for life» agza ýurtlara gözlegleriň we wagyz-nesihat işleriniň üsti bilen, sportuň sosial täsiriniň we durnukly ösüş maksatlaryna goşýan goşandynyň subutnamasy bolup, hemmeler üçin sporta döwlet we hususy maýa goýumlaryny höweslendirýär. Şeýle hem, inklýuziw okuw we usulyýetler arkaly sport hünärmenleriniň başarnyklaryny güýçlendirip, mümkinçilikleri artdyrmaga ýardam edýär.
Galyberse-de, Gurama hökümetlere inklýuziw we ýokary hilli bedenterbiýe syýasatlaryny durmuşa geçirmäge kömek edip, standart kesgitlemegi goldaýar. Bu başlangyçlar ÝUNESKO-nyň gender deňligi, howpsuz sport, sportda jyns aýratynlygyna garamazdan deňligiň kabul edilendigi we mümkinçiligi çäkli adamlaryň sporta goşulmak ýaly ileri tutulýan global ugurlaryna esaslanýar.
Türkmenistanda şeýle başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi parahatçylykly, sagdyn we inklýuziw jemgyýetiň döremegine uly goşant goşar. Türkmenleriň milli göreş ýaly, adaty sport oýunlary özboluşly aýratyn ähmiýete eýedir. Olar diňe bir fiziki tejribäniň görnüşleri däl, eýsem tertip-düzgüni, hormaty we raýdaşlygy ýaýradýan hemişe ýaşap ýören däplerdir. Olaryň mümkinçiliklerine akyl ýetirmek üçin adaty sport oýunlary bedenterbiýe boýunça milli okuw meýilnamalaryna girizmek, olaryň sosial täsirine has gowy düşünmek üçin gözleglere maýa goýmak we durnukly, jemgyýetçilik esasly medeni syýahatçylygyň bir bölegi hökmünde jogapkärçilikli ösdürmek wajypdyr.
Bu ygrarlylyk, global başlangyçlara-da degişlidir. Türkmenistan tarapyndan başlanan 3-nji iýunda – Bütindünýä welosiped gününiň yglan edilmegi welosiped sürmegiň sosial, saglyk we ekologiýa peýdalaryny görkezmek üçin möhüm pursata öwrüldi. Bu nukdaýnazardan ÝUNESKO-nyň «Hemmeler üçin welosiped» başlangyjy welosiped sürmegiň dünýäde durnukly hereket, bilim we inklýuziýa üçin güýçli gural bolup biljekdigini äşgär edýär.
Sözümiň ahyrynda, Türkmenistandaky bu forumyň halkara hyzmatdaşlygy we sport arkaly dialogy ösdürmekde möhüm ädimdigini bellemek isleýärin. Geljekde hemmeler üçin parahatçylyga we durnukly ösüşe goşant goşup biler ýaly, ähli görnüşlerde öz içine alyjy, deňhukukly we howpsuz sporty ösdürmek üçin bilelikde işleşeliň!
Maslahatyň netijeli bolmagyny we forumyň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!
Filip Müller-Wirt,
ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy,
Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) sekretary.