«Geňeşli il — döwletli il»

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halk demokratiýasynyň we halk häkimiýetiniň milli ýol-ýörelgeleriniň dabaralanmasyna, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmeginiň nyşanyna, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň mizemezliginiň hem-de geljekki ösüşiniň kepiline öwrüldi. Buýsandyryjy waka Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine biziň ýokary okuw mekdebimizden hem dört sany talyp ýaşlar bilim ulgamynyň wekilleri hökmünde gatnaşdylar. Döwletli Halk Maslahata ýurdumyzyň ýaşlarynyň wekili hökmünde gatnaşmagymyz biziň üçin örän uly bagt. Ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden egsilmez alkyş aýdýarys.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Annaberdi Gulmyradow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Welmyrat Hojamyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular.
Parasatly pederlerimiz «Halkyň ýoly — Hakyň ýoly» diýip jaýdar aýdypdyrlar. Döwletli işleri halk bilen maslahatlaşyp, geňeşip etmek, «Ýedi ölçäp, bir kesmek» türkmeniň gadymdan gelýän asylly däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Onuň iň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän Halk Maslahaty häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanmagyna, jemgyýetiň jebisliginiň, agzybirliginiň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar.
Halk demokratiýasy — döwletliligiň binýadydyr. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamynda demokratiýanyň we hukuk döwletiniň ýörelgelerini ilerletmekde, döwletimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyny, halkymyzyň abadan, parahat durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan tutumly işleri möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem halkymyzyň agzybirligini, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşynda jemgyýetimiziň jebisligini has-da berkitjekdigine ynanýarys.
«Geňeşene giň dünýä», «Geňeşli il — döwletli il», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen parasatly sözleri durmuş ýörelgesine öwren merdana türkmen halkyny milli demokratiýanyň ösüşli aýdyň ýoly bilen bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47