Talyplar sportunyň üstünlikleri halkara sergide görkezildi
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Çäre Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guraldy.
Sergä ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilim, sport hem-de saglygy goraýyş ugurlarynda öňdebaryjy guramalary, ýokary okuw mekdepleri we hususy kärhanalar gatnaşdy. Onda innowasion lukmançylyk enjamlary, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan önümler, şeýle-de bilim we sport ulgamyndaky täzeçillikler görkezildi.
Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary hem geçirildi.
Bu halkara çärä Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem işjeň gatnaşdy. Institutyň professor-mugallymlary we talyplary öz ekspozisiýalarynda talyplar sportunyň ösüşine, sport ylymlaryna, ýaşlaryň gazanan üstünliklerine hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine degişli giň maglumatlar toplumyny görkezdiler.
Halkara sergi we ylmy maslahat 12-nji oktýabra çenli dowam edýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.