Halkara ylmy maslahatyň bölümleriniň işi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat ylmy garaýyşlary, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de bedenterbiýe we sport ulgamyndaky ösüşleri giňden beýan edýän möhüm ylmy çäre boldy.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamyna degişli üç bölümiň ikisi – «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar» atly XVII bölüm, «Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek» atly XIX bölüm Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýokary guramaçylykly geçirildi.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça meýilleşdirilen bölümleriniň işine Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Maldiw Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň, Rumyniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, sport ylymlary boýunça alymlar, halkara derejeli tälimçiler we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary bar.
Maslahatyň bölümçeleriniň işine girişmezden ozal gatnaşyjylar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan Türkmenistanyň sport üstünlikleri boýunça sergä gatnaşyp, ýurduň bedenterbiýe we sport ulgamynyň häzirki ösüşleri, «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň işi, türgenleri taýýarlamakda ulanylýan innowasion tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Halkara ylmy maslahatyň bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça meýilleşdirilen bölümlerinde umumylykda 130-dan gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory we professor-mugallymlary, Sport ylymlary birleşiginiň Halkara komitetiniň prezidenti, Özbek döwlet bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, Gyrgyz Respublikasynyň bedenterbiýe we sport akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, Özbegistanyň Uýgunlaşma sport assosiasiýasynyň ýanyndaky Uýgunlaşma bedenterbiýesi we sporty boýunça hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan we hünär derejesini ýokarlandyrýan institutyň direktory, Russiýa Federasiýasynyň Perm şäherindäki Milli barlag uniwersitetiniň ýokary ykdysady mekdebiniň Kognitiw neýro ylmy merkeziniň direktory we hünärmeni, Russiýa Federasiýasynyň Meýletinçiler merkezi birleşiginiň halkara derejeli sport meýletinçisi, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň, Azerbaýjan döwlet bedenterbiýe we sport akademiýasynyň professor-mugallymlary çykyşlarynda häzirki döwrüň sport ulgamynda sanly tehnologiýalaryň, täze innowasiýalaryň, şeýle hem ylmy barlaglaryň netijelerine daýanmak arkaly türgenleri taýýarlamak işleriniň ähmiýetini bellediler. Maslahatyň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak, halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanýan türgenleri taýýarlamak boýunça tejribeler paýlaşyldy. Maslahata gatnaşyjy döwletleriň wekilleri özleriniň ylmy-barlag tejribelerini, bedenterbiýe we sport ulgamyndaky häzirki zaman usullaryny beýan etdiler. Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň alymlary sanly platformalarynyň bedenterbiýe we sportda orny, türgeniň fiziologik taýýarlygyny seljermekde neýro ylmynyň mümkinçilikleri, uýgunlaşma bedenterbiýesi we sporty baradaky çykyşlary bilen gyzyklanma döretdiler.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň bedenterbiýe we sport ulgamynda meýilleşdirilen bölümleriniň işine gatnaşyjylar halkara ylmy maslahatyň jemleýji bölüminde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine, Guramaçylyk toparyna döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.